SPORT WE SYÝAHAT

Futbol boýunça Kerki etrabynyň birinjiligi geçirildi

Kerki etrabynda orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda futbol boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryşlar geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde geçiren ýaryşyna 37 mekdebiň ählisinden hem toparlar gatnaşdylar.
Ilkinji tapgyrda duşuşyklar zolaklarda geçirildi. Onda ýeňiji bolanlar final ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazandylar. 1-nji orta mekdebiň «Ýeňiş» topary hemmelerden köp utuk gazanyp, birinji orna mynasyp boldy. 22-nji orta mekdebiň «Arzuw» topary ikinji, 28-nji orta mekdebiň «Adalat» topary üçünji orny eýelediler.
1-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Serdar Nyýazow «Iň ökde hüjümçi» diýlip yglan edildi. «Iň ökde goragçy» diýen ada bolsa 28-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Öwlýaguly Hekimow mynasyp boldy. 22-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Atabaý Abdynazarow bolsa «Iň ökde derwezeban» diýen adyň eýesi boldy.
Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply