SPORT WE SYÝAHAT

Futbol. Birinji liganyň Lebap sebiti boýunça ýaryşyna badalga berilýär

Şu gün, 7-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynda Lebap sebiti boýunça ýaryşa badalga berler. Birinji tapgyrda meýilleşdirilen üç duşuşygyň biri şu gün, ikisi bolsa ertir, 8-nji sentýabrda geçiriler.

Şu ýyl Birinji liganyň Lebap welaýaty boýunça ýaryşyna 7 topar gatnaşýar. Olar «Bagtyýarlyk» futbol kluby» hojalyk jemgyýetiniň «Bagtyýarlyk», Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň «Miras», «Nesil» we «Türkmenabat», «Türkmenabat ýük wagon depo» hojalyk jemgyýetiniň «Demirýolçy», Türkmenabat ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň 8-nji ýaşaýyş jaý ulanyş bölüminiň «Amyderýa» hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň «Köpetdag» futbol mekdebiniň Lebap welaýatyndaky şahamçasynyň «Köpetdag-Lebap» toparlarydyr. Noýabr aýynyň başyna çenli dowam etjek ýaryş iki aýlawdan ybarat bolar.

Birinji liga. Lebap sebiti. 1-nji tapgyr

07.09.2024 ý.

«Miras» ― «Türkmenabat».

Başlanýan wagty: 17:00.

Geçirilýän ýeri: Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň stadiony.

08.09.2024 ý.

«Amyderýa» ― «Demirýolçy»

Başlanýan wagty: 15:00.

Geçirilýän ýeri: Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň stadiony.

«Köpetdag-Lebap» ― «Nesil»

Başlanýan wagty: 17:00.

Geçirilýän ýeri: Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň stadiony.