Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze gyzykly ugurlarynyň biri bolan speleologiýa barada aýdyp, fransuz hünärmenleriniň biodürlüligi öwrenmek we ylmy-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, Köýtendagyň dag gerişlerindäki seýrek duş gelýän gowaklara eýýäm iki gezek üstünlikli ekspedisiýany amala aşyrandyklary barada nygtamagy gatnaşyklaryň köpugurlylygyndan habar berýän aýratynlyklaryň biri.
Köýtendag we onuň täsinlikleri fransiýaly speleologlaryň ünsüni köp ýyllardan bäri çekip gelýärdi. Olar 2023-nji we 2024-nji ýyllarda ekspedisiýa gurap, dagda täze gowaklary gözlemek bilen bagly işleri alyp bardylar. Ekspedisiýanyň agzalarynyň amala aşyran köpsanly işleriniň hatarynda Gülşirin gowagynyň 3D ölçegdäki sudur-taslamasynyň düzülmegini, gowakdaky aýratynlyklaryň sanly
ulgam bilen şöhlelendirilmegini, gowakda 19 kilometre çenli aralykda barlag işleriniň geçirilmegini, täze gowaklaryň ýüze çykarylmagyny we beýlekileri agzap bileris. Täze barlaglaryň netijeleri barada dünýä jemgyýetçiligine ilkinji gezek geçen ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatdaky fransuz institutynda habar berildi.
Fransuz alymlary Köýtendagdaky täsinlikler bilen gyzyklanýar

15
May