DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Fransuz aktýory Žan-Pol-Belmondo aradan çykdy

Fransuz aktýory Žan-Pol-Belmondo 89-njy ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada «Agence France-Presse» salgylanmak bilen, «ТАСС» habar berýär.

Belmondo 1957-nji ýylda başlanan aktýorlyk karýerasynyň dowamynda kinofilmlerde we fransuz teatrlarynyň sahnalarynda 100 gowrak roly ýerine ýetirdi. Ol 1960-njy ýylda Žan Lýuk Godaryň fransuz kinematografynda «täze tolkunyň» özboluşly manifestine öwrülen «Soňky demde» (À bout de souffle) filmi ekrana çykandan soň meşhurlyga eýe boldy. Ondan soň Belmondo Wittorio De Sikanyň «Oskaryň» baýragyna mynasyp bolan «Çoçara» (La ciociara) filminde Sofi Loren bilen bilelikde oýnady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: