DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Fransiýanyň ýaşaýjysy günde 1 dollar harç edip, 250 ýurdy gördi

Fransiýanyň ýaşaýjysy bütin dünýä diňe ugurdaş maşynlary saklap, syýahat etdi, diýip «Комсомольская правда» ýazýar.
Ol häzir 83 ýaşynda. Syýahat etmäge 17 ýaşynda başlapdyr. Şol wagt daşary ýurtlary görmek, olaryň ýaşaýjylary bilen tanyşmak üçin Andreniň puly ýok eken. Şonda ol özi üçin şeýle düzgün girizipdir: syýahat döwründe günde bir dollardan köp sowmaly däl. Şeýlelik bilen, ol 251 ýurtda bolupdyr we jemi 400 müň kilometr töweregi ýol geçiripdir.
Ol ilkinji syýahatyny Şotlandiýa amala aşyrypdyr. Andre hiç wagt uçarda uçmandyr, restoranlarda naharlanmandyr, käwagtlar bolsa daşarda ýatypdyr.
Häzir ýaşy bir çene baran Andre köp wagtyny öýünde geçirýär. Syýahata gitmese-de, köp gezelenç edýär we dostlaryna we ýakynlaryna uzak ýurtlara giden wagty başdan geçirenlerini gürrüň berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: