Fransiýada zibili gaýtadan işleýän kärhana ýandy
Fransiýanyň paýtagtynda güýçli ýangyn döredi, ol ýerde galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň binasy ýanyp ýykyldy. Ody söndürmäge ýangyn söndürijileriň 200-e golaýy we 45 sany tehnika gatnaşýar.
Zibili gaýtadan işleýän kärhanada ýangynyň döremegine gazly ballonlaryň birnäçesiniň
partlamagy sebäp bolupdyr. Kärhananyň ýangyny söndüriş ulgamy oduň öňüni almak üçin
ýeterlik bolmandyr.
Zawoddan işgärleriň 31-si howpsuz ýere çykaryldy. Ýerli häkimiýetler şäheriň üstüne üýşen
goýy tüssäniň zäherli däldigini we ilat üçin howp döretmeýändigini, emma muňa
garamazdan, penjireleri açmazlygy maslahat berdiler diýip, «MIR 24» habar berdi.