JEMGYÝET

 Foto surat bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralan «Türkmenistan – parahatçylygyň Watany» atly foto bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.

Emin agzalary gatnaşyjylara iki toparda baha berdiler. Birinji topar žurnalistikany öwrenýän talyplaryň, ikinji topar bolsa beýleki hünärler boýunça okaýan talyplaryň işlerini öz içine aldy.

Birinji topardaky netijeler boýunça, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistika fakultetiniň talyby Selbinyýaz Goçmyradowa baýrakly orny eýeledi. Ikinji orna DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Gurbanjemal Egirjäýewa we Merjen Alimowa mynasyp boldular. Üçünji orny şol uniwersitetiň talyplary Maýa Arazdurdyýewa, Laçyn Mämmetsöýünowa we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-den Mahym Annadurdyýewa paýlaşdylar.

Ikinji toparda birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Çemen Myratjanowa mynasyp boldy. Ikinji orun iki talyba: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan Ilham Adyşowa we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Bezirgen Arazmyradowa berildi. Üçünji orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Kerwenmyrat Halmyradow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gynna Atdaýewa we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Hojanyýaz Hanmämmedowa berildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we ýadygärlik sowgatlar, işleri tapawutlanan, talyplara höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: