Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň milli medeniýetinde we saz sungatynda hem buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Häzirki döwürde ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek, olaryň saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmagyny gazanmaklyk esasy maksatlaryň biridir. Aýdym-saz ynsan duýgularyny we arzuwlaryny saz eserleriniň üsti bilen beýan edilýän sungatdyr. Türkmenistanda ähli professional saz žanrlarynyň ösmegi, kämilleşmegi fortepiano saz guraly bilen berk baglanyşyklydyr. Fortepiano saz guraly çalynanda ilki bilen okuwçylaryň oturyşyna we ellerini, aýaklaryny dogry goýuşyna üns bermelidir. Fortepiano saz guraly çylşyrymly saz gurallaryň biri bolup, bu saz guraly çalmaklyk üçin irginsiz zähmet çekmeklik zerurdyr. Okuwçy fortepiano saz guralynda oturan mahalynda göwresini dik saklamaly, aýaklaryny bile goýup, oturgyjyň ýarysynda bolsa arkaň göni oturmaly. Özüňi erkin duýmaly we tirsekleriňi bolsa göwräňden gapdala süýşürip, klawiaturanyň deňinde saklamaly. Okuwçynyň barmaklary bolsa togalak topy saklaýan ýaly bolmalydyr.

Ilkinji sapakdan başlap mugallym okuwçyny türkmen milli aýdym-saz sungaty baradaky düşünjelerini ösdürip, gözýetimini giňeltmeli we saza bolan höwesini-söýgüsini artdyrmaly. Okuwçyny fortepiano saz guraly bilen tanyşdyrmaly ýagny, saz guralyň gurluşy, gelip çykyşy, taryhy barada gyzykly maglumatlary aýdyp bermeli. Saz guralynda näçe oktawanyň bardygyny sanap görkezmeli. Soňra klawiatura bilen tanyşdyryp, ýokarky we aşaky registrlerini seslendirip häsiýetlendirmeli. Ýagny okuwçynyň özüne çaldyryp diňletmeli. Soňra kiçi göwrümli eserleriň üstünde işlemeli we indiki sapaga ýumuş tabşyrmaly.
Mugallym okuwçynyň öýe berlen ýumuşyny hökman barlamaly we talap etmeli. Soňra okuwçynyň ýerine ýetirişiniň kemçiliklerini, ýalňyşlaryny aýtmaly. Ýalňyşlarynyň üstünde durup geçmeli we okuwçynyň sapagy tiz özleşdirmegini, düşünmegini gazanmaly. Mugallym okuwça saz guralda dogry ses alnyşy şeýle-de pedaly dogry ulanmagy öwretmeli. Okuwçy her sapakda nota seredip, nota boýunça çalmagy hökmanydyr. Sebäbi okuwçynyň nota boýunça ýüzugra çalmaklyk ukybyny ösdürmelidir. Nota boýunça ýüzugra okap, çalmaklyk üçin bolsa okuwçynyň aňynda galaýjak ýeňiljek pýesajyklary şeýle-de ansambllary saýlap almalydyr. Sapakda mugallym gönükmeleriň, gammalaryň, arpejio we akkordlaryň üstünde işlemelidir. Mugallym sapagy guramaçylykly alyp barmaly, sapagyň temasyna degişli görkezme esbaplary ulanmaly hem-de döwrebap usullardan peýdalanmaly. Hünär öwredilýän çagalar sungat mekdeplerinde sapak guralanda okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek mugallymyň sapagyny täsirli alyp barmagynyň esasy ähmiýetli şertidir. Sebäbi okuwçyda hünärine bolan höwesini, söýgüsini gazanmaly we gyzyklanma döretmelidir.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek, zehinli ýaş nesillerimizi ýüze çykarmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Maýera TURDYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň
“Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy.
