BIZE YAZYARLAR

Fortepiano saz guralyny çalyp öwrenmegiň ilkinji ädimleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesillerimiziň bilimli döwrebap, kämil dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Çagalar sungat mekdebinde her bir geçilýän sapagy gyzykly guramaklyk we çagalaryň saz sungatyna bolan höwesini, söýgüsini artdyrmaklyk gönüden-göni mugallymlara baglydyr. Bu wezipäni şowly amala aşyrmaklyk üçin bolsa okuw gollanmalary, okuw maksatnamalary zerurdyr.
Türkmenistanda ähli professional saz žanrlarynyň ösüş ýoly fortepiano bilen berk baglanyşyklydyr. Fortepiano ilkinji professional saz nusgalarynyň döremeginde hem ähmiýetli orun eýeleýändir. Fortepiano saz guralynda okuwçylaryň oturyşyna we ellerini, aýaklaryny dogry goýuşyna üns bermeli. Sebäbi fortepiano saz guraly örän çylşyrymly saz gural bolup ilki bilen irginsiz zähmeti, özbaşdaklygy şeýle hem zehini talap edýändir. Okuwçy fortepiano saz guralynyň başynda göwresini dik saklap, aýaklaryny bile goýup, oturgyjyň ýarysynda bolsa arkaň göni oturmaly. Okuwçy oturan mahalynda bükülmeli däl.
Özüňi rahat duýmaly, tirsekleriňi göwräňden gapdala süýşürip, klawiaturanyň deňinde saklamaly. Barmaklar bolsa togalak topy saklaýan ýaly bolmaly. Egerde okuwçynyň aýaklary ýere ýetmedik ýagdaýynda aýaklaryňy diräp oturar ýaly, aýagyň aşagyna ýörite ýasalan enjam goýmalydyr.
Fortepiano saz guralynda çalnyp başlamanka okuwça özüňi rahat duýmaklygy we elleriňi erkin hereket etmekligi öwretmeli. Onuň üçin bolsa okuwçy bilen birnäçe minutlap el maşklaryny ýerine ýetirmeli. Okuwçylara fortepiano saz guralynyň gurluşy, gelip çykyşy taryhy barada giňişleýin maglumatlary gürrüň bermeli. Soňra, klawiaturany görkezmeli we ýokarky, aşaky hem-de ortaky regstrdaky sesleri häsiýetlendirmeli. Çagalar sungat mekdebinde mugallym çagalar bilen geçilýän sapaklaryny döredijilikli guramagy üçin sapaga degişli okuw gökezme esbaplary hem zerurdyr.
Körpe nesliň ylymly-bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin gadymy taryhymyzyň müňýyllyklaryndan gözbaş alyp gaýdýan halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesini dowam etdirmegiň ähmiýeti uludyr . Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saz medeniýetini ösdürmek we kämilleşdirmek
esasynda alnyp barylýan işlerden ugur alyp, ýaş nesillerimize bilim terbiýe bermeklik üçin arman ýadaman halal zähmet çekeris. Bagtyýar ýaş nesilleriň beýik geljegi hakynda edýän uly aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ýurdumyzyň güllemegi ösmegi ugrundaky döwlet
ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Dilraba MYRZAÝEWA,
Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: