Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň bilim ulgamy, milli medeniýetimiz we sungatymyz täze belentliklere göterilýär.
Saz sungatynda fortepiano ýerine ýetirijiligi diňe bir döredijilikli duýgy däl-de , eýsem çylşyrymly fiziki we psihologik prosesdir. Sazandalaryň çeperçilik wezipelerini doly we anyk amala aşyrmagy üçin tehniki ukyplar esasy “gural” bolup hyzmat edýär. Emma tehnika diňe bir barmaklaryň çaltlygy däl-de, eýsem sesiň hili, barmaklaryňa erk etmeklik we tutuş hereket ulgamynyň sazlaşygyny gazanmakdyr.
Tehniki kämilleşmegiň binýady dogry we rahat oturyşdan başlanýar. Gollaryň, bilegiň we eginleriň gysylmagy tehniki ösüşi bökdeýän iň uly päsgelçilikdir. Mugallym okuwçynyň gollarynyň ýumşaklygyna we “janly” işjeňligine yzygiderli gözegçilik etmelidir. Azatlyk diňe bir gowşaklyk däldir. Ol sesiň güýjini gurala dogry geçirmek ukubydyr. Her bir barmak klawişe degende garaşsyz we takyk hereket etmelidir. Birinji (baş) barmagyň çeýeligi we bäşinji barmagyň daýanç nokady bolup hyzmat etmegi aýratyn ünsi talap edýär.
Gammalar-bu ýerine ýetirijiniň barmak işjeňligini we sazlaşygyny saklaýan binýatlykdyr. Olar klawiaturany özleşdirmegiň we barmak hereketleriniň kämilleşmegini gazanmagyň iň netijeli usulydyr. Gammalarda birinji barmagyň beýleki barmaklaryň astyndan bökdençsiz geçmegini we owazly (legato) seslenmäni üpjün edýär. Gammalary dürli reňklerde çalmaklyk (p, f, crescendo, diminuendo), tehniki maşky çeperçilik işine öwürýär we okuwçynyň diňleýiş ukybyny ösdürýär.
K.Çerni, M.Klementi, Ş.Ganon we F.Şopen ýaly görnükli kompozitorlaryň eserleri ýerine ýetirijiniň “tehniki binýadyny” gurýar. Ş.Ganonyň maşklary barmaklaryň deňligini we özbaşdaklygyny gazanmaga uly ýardam berýär. Her bir etýud anyk bir kynçylygy (oktawalar, akkordlar, tremololar, passažlar) gönükdirilmelidir. Okuwçy etýudy ýerine ýetirende diňe notalary däl, eýsem şol tehniki usulyň iň amatly hereket ugruny tapmalydyr.
Passažlary punktir ritminde ýa-da dürli toparlara bölüp urguly çalmaklyk barmak ýatkeşligini berkidýär. Iň çalt eseri haýal depginde çalmaklyk, beýnide we barmaklarda dogry saz ýoluny gurýar. Eser dürli usullarda (staccato, marcato, non legato) gaýtalamak barmaklaryň kuwwatyny we takyklygyny artdyrýar.
Tehniki endikleri ösdürmeklik- bu ýerine ýetirijiden diňe bir sabrlylygy däl, eýsem akylly çemeleşmäni talap edýär. Emma asyl maksat tehnikada däldir, ol sazandanyň içki dünýäsini we kompozitoryň pikirini diňleýjä ýetirip bilmekdir. Barmaklaryň kämil çeýeligi-bu sazyň belent ruhuna hyzmat edýän iň esasy guraldyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň sanly ulgamyna geçmegi we halkara bilim standartlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, fortepiano dersleriniň hili we mazmuny düýpli özgerýär, kämilleşýär. Biz mugallymlar hem öz gezegimizde, döwletimiziň ylym-bilim syýasatyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, bedew batly ösüşlerimize mynasyp, ýokary derejeli professional sazandalary terbiýelemek ugrunda zähmet çekeris. Bu asylly wezipäni amala aşyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döwrebap we kämil hünär eýeleri bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Bahar TALIPOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy.

