Fizika ylymy tebigatyň iň düýpli kanunlaryny öwrenýän we adamzadyň ösüşine uly täsir edýän ylym hökmünde aýratyn orun eýeleýär. Häzirki wagtda fizika diňe bir nazary ugur bolman, eýsem senagatdan başlap, kommunikasiýa, lukmançylyk we energetika ýaly möhüm ulgamlaryň binýadyna öwrüldi. Atom gurluşyndan başlap, älem giňişligindäki hadysalara çenli giň gerimli meseleleri öz içine alýan bu ylym jemgyýetiň ylmy-tehniki ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolup durýar.
Fizikanyň gazananlary netijesinde häzirki zaman tehnologiýalary döredilýär. Elektrik energiýasynyň öndürilmegi we ulanylmagy, lazerleriň, ýarymgeçirijileriň, kompýuterleriň hem-de emeli hemralaryň işi fizika kanunlaryna esaslanýar. Şeýle-de, täze materiallaryň döredilmegi, nano-tehnologiýalaryň ösdürilmegi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kämilleşdirilmegi ýaly ugurlar fizikanyň amaly mümkinçilikleriniň barha giňeýändigini görkezýär.
Berkarar döwletimizde-de fizika ylmynyň ösüşine aýratyn üns berilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde we orta mekdeplerde bu ders boýunça ýaşlaryň taýýarlygy yzygiderli kämilleşdirilýär, olimpiadalar, ylmy bäsleşikler we taslamalar geçirilýär. Fizikany çuňňur öwrenýän ýaş nesliň kemala gelmegi ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň artmagyna, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we geljekde Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagyna giň ýol açýar.
Mamagül ÝANGIBAÝEWA,
Farap etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň mugallymy.
