2025-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragy amerikan uniwersitetlerinden bolan kwant fizikasynyň alymlaryna berildi: Beýik Britaniýadan Jon Klark, Fransiýadan Mişel Dewore we ABŞ-dan Jon Martinis bu baýragyň eýeleri boldy.
Jon Klark Berkli şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetinde, Jon Martinis Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetinde, Mişel Dewore bolsa Ýel uniwersitetinde we Santa-Barbarada ylmy barlaglary geçirdi.
Alymlar “makroskopik kwant-mehaniki tunellirlemegiň we elektrik zynjyrynda energiýanyň kwantlaşmagynyň açylmagy” üçin sylaglandy. Nobel komitetiniň bellemegine görä, olaryň barlaglary kwant fizikasynyň amaly görnüşde nähili işleýändigini görkezdi.
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy
08
Oct
