Türkmenistanyň orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda fizika dersi boýunça lebaply okuwçylar üstünlikli çykyş etdiler.
11-nji synp boýunça Halaç etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Babageldi Baýramow döwlet tapgyrynda birinji orny eýeledi. Şeýle hem Halaç etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň okuwçylary Baýmyrat Sultanow we Berdi Berdiýew döwlet tapgyrynda ikinji orunlary eýelediler. Şeýle-de Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Ylýas Sylabow ýöriteleşdirilen mekdepleriň arasynda döwlet tapgyrynda ikinji orny eýeledi. 12-nji synp boýunça Çärjew etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň okuwçysy Babamurat Ýakubow döwlet tapgyrynda üçünji orny, Farap etrabynyň 15-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Maksat Meýlisow döwlet tapgyrynda ikinji orny, Türkmenabat şäheriniň 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Ogulsere Rozyýewa döwlet tapgyrynda üçünji orny eýeledi.
Fizika boýunça lebaply okuwçylar döwlet tapgyrynda üstünlik gazandy
02
Apr

