DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Finalissima: Argentina bilen Ispaniýa Dohada duşuşar

Finalissima futbol duşuşygy 2026-njy ýylyň 27-nji martynda Kataryň paýtagty Dohadaky “Lusail” stadionynda geçiriler. Onda Kopa Amerikanyň çempiony Argentina bilen Ýewropa çempiony Ispaniýa duşuşar.
Ýaryş dördünji gezek guralýar. Argentina bu kubogy iki gezek gazandy, Ispaniýa bolsa Finalissima-da ilkinji ýeňşine ymtylýar.