Filippinlerde horaz şekilli myhmanhana guruldy
Işewür adamlar jahankeşdeleriň ünsüni çekmek maksady bilen täsin binalary gurýarlar. Ine, şeýle ymaratlaryň biri Filippinleriň Günbatar Negros diýen gözel künjeginde peýda boldy.
Horaz şekilli myhmanhana binasy şeýle ymaratlaryň iň äpedi hökmünde
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onda döwrebap myhmanhana
otaglarynyň 15-si bolup, olaryň her biri özünde ähli amatlylyklary jemleýär.
Myhmanhanany esaslandyryjylar şeýle ymaraty gurmak arkaly bu ýere gelýän myhmanlary haýran galdyrmagy we olaryň sanynyň artmagyny gazanmagy maksat edinýändiklerini belleýärler.
Mundan başga-da, ýerli halkyň ynanjyna görä, horaz asudalygyň,
hökmürowanlygyň alamaty hasaplanylýar.