TÜRKMENISTAN HABARLARY

FIFA-nyň täze sanawynda Türkmenistan ozalky ornunda

Düýn ― 16-njy iýulda FIFA milli ýygyndylar boýunça reýting sanawyny täzeledi. Türkmenistanyň futbol ýygyndysy, geçen aýda bolşy ýaly, ýene-de 129-njy orny eýeledi.
Koronowirus pandemiýasy bilen futbol ýygyndylary eýýäm birnäçe aýdan bäri duşuşyk geçirmeýärler. Şonuň üçin FIFA-nyň täzelenen sanawda milli ýygyndylaryň ählisi ozalky ornunda galdy. Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Sudanyň we Guatamelanyň ýygyndylarynyň aralygynda 129-njy orny eýeleýär. FIFA milli ýygyndymyza 1107 utuk berdi.
Geçen aýlardaky sanawlarda bolşy ýaly, bu gezek sanawyň başyny Belgiýanyň, Fransiýanyň we Braziliýanyň ýygyndylary çekýär. Aziýadan iň ýokary netije Aziýa kubogy ― 2019-daky topardaşlarymyz Ýaponiýanyň ýygyndysyna degişli. Ýapon futbolçylary umumy sanawyň 28-nji basgançagynda. 33 orundaky Eýran we 40-njylykdaky Koreýa Respublikasy biziň yklymymyzyň iň öňdäki üç ýygyndysyna girýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: