Fernandes iki frontda çykyş etmegiň kyndygyny boýun aldy
Moskwanyň SSKA-synyň goragçysy Mario Fernandes klubuň oýunlaryna ünsüni bermek isleýändigini aýdyp, Russiýanyň ýygyndysynda çykyşlaryny bes edýändigini mälim etdi. Bu barada «ТАСС» habar berýär.
Fernandes özüniň gelen kararyny duşenbe güni yglan etdi.
«Her gezekden soň iki frontda çykyş etmek kyn düşýär, dikelmäge köp wagt gerek bolýar —diýip, Fernandes aýtdy. — Gynansamam, şikes köp düşýär. Maňa mähriban bolan kluba köp üns we ýaşlara ýygyndyda ösmäge mümkinçilik beresim gelýär. Şonuň üçin hem hut häzir gitmegi ýüregime düwdüm. Meniň üçin ýygyndynyň futbolkasyny geýmek, onuň reňklerini goramak uly abraý, men muny hiç wagt ýadymdan çykarmaryn».
Braziliýada eneden doglan Fernandes 2016-njy ýylda rus raýatlygyny aldy. Ol 2017-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Russiýanyň ýygyndysynyň Moskwanyň «Dinamosy» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda ilkinji gezek çykyş etdi. Ýygyndy toparyň düzüminde 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda we 2021-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda oýnady. Milli toparda ol 33 oýna gatnaşdy we bäş gol urdy.