DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Fermer «Falcon 9» raketasynyň bölegini tapdy

ABŞ-niň Oregon ştatynyň Grant okrugyndan fermeriň öz melleginde tapan geň zady «Falcon 9» raketasynyň bölegi bolup çykdy, diýip «mail.ru» ýazýar.
«Gizmodo»-nyň ýazmagyna görä, atyza ýokary başyşyň kompozit rezerwuary (COPV) düşen eken. Onuň ýere degen ýerinde 10 santimetr çuňlykdaky ýemşik emele gelipdir.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we «hazyna gözleýjiler» bu täsin tapyndy barada bilmek üçin fermeriňkä köp gelýärler eken welin, ýerli şerif onuň rahatlygyny goramaga mejbur bolupdyr. Ol «gozgalmaýan emlägiň eýesiniň rahatlygyny bozmazlygyny isleýändigini» gelýänleriň dykgatyna ýetirýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply