Türkmenabatly aýdymçy Farhat Öräýew «Ýylyň parlak ýyldyzy ― 2023» bäsleşiginde iň köp SMS habarnamasy gelen 10 aýdymçynyň arasyna goşulmagy başardy. Indi ol şu ýyl bu adyň eýesi bolmak üçin göreşer.
Lebaply aýdymçydan başga-da, bu at üçin aýdymçylar Şatlyk Gurbannazarow, Leýli Mämmedowa, Bahar Annaýewa, Batyr Muhammedow, Annaberdi Orazmämmedow, Aýjemal Jumanyýazowa, Han Pälwanow, Selbi Kakanowa we Ýegenmyrat Ýegenow dagylar göreşer.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 15-nji dekabrda Aşgabat şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda geçiriler. Halan aýdymçyňa ses bermek üçin 0500 belgisine SMS habarnamasyny ugratmaly.