Farap etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Hamida Nabiýewa Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen welaýat sergi-bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de medeniýet müdirligi tarapyndan guralan «Türkmen ahalteke bedewleriniň waspy şekillendiriş sungatynda» atly bu çärede sebitimiziň zehinli suratkeşleriniň iň gowy eserleri görkezildi. Sergi-bäsleşiginiň netijeleri boýunça Türkmenabat şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiriniň orunbasary Hemra Allaşükürow birinji, Şerif Hemraýew we Ýulduz Matkarimowa ikinji, Aýna Rejepowa, Jennet Kuwwatgeldiýewa hem-de Aýna Tagandurdyýewa bolsa üçünji orunlary eýelediler.
Suratkeşleriň eserlerinde Jeýhunyň kenaryndaky we sähra goýnundaky ahalteke bedewleriniň täsin keşpleri janlanyp, reňk saýlaýyş usullary we çeperçilik hyjuwy her bir işe özboluşly öwüşgin çaýdy. Gatnaşyjylar görkezilen işleriň üsti bilen türkmen bedewiniň gözelligini we asyllylygyny ýakyndan synlamaga mümkinçilik tapdylar. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere guramaçylar tarapyndan dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Faraply mugallym suratkeşleriň sergi-bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
16
Apr

