TÜRKMENISTAN HABARLARY

Farapdaky täze gümrükhananyň mümkinçilikleri ozalkysyndan iki esse artdy

Şu gün ― 4-nji dekabrda açylyp, ulanylmaga berlen «Farap awtoýollary» gümrük nokady indi bir gije-gündizde 1000 ulaga hyzmat eder.                                    Awtoulaglary gümrük barlagyndan ygtybarly geçirmäge mümkinçilik berýän
gözegçilik bassyrmalary öňküsinden iki esse ulaldyldy. Bu gözegçilik
bassyrmalarynda birwagtyň dowamynda 16 sany awtoulag serişdelerine gümrük barlagyny geçirmäge mümkinçilik bar.
Bu ýerde ulag serişdeleriniň döwlet belgileri we beýleki maglumatlar ýörite
elektron monitorlaryna sanly ulgam arkaly geçirilýär. Bu gümrük nokadynyň
ulag geçirijiligi iş tejribesinde bir günde her tarapa 250 awtoulaga deň bolan
bolsa, häzirki wagtda täze binalaryň we desgalaryň gurulmagy bilen, awtoulag
serişdeleriniň geçirijiligini bir günde her tarapa 500 awtoulaga çenli, umumylykda bolsa 1000 awtoulaga çenli artdyrmaga doly mümkinçilikler döredildi.
Sanly mümkinçilikler döredilen döwrebap gümrük nokadynyň täze ulanmaga
berilmegi ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleri has-da artdyrmaga uly itergi
berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: