Farapdaky täze gümrük nokadynda 3 müň düýp bag ekildi
Şu gün ― 4-nji dekabrda açylyp, ulanylmaga berlen «Farap awtoýollary»
gümrük nokadynyň çäginde ýurda gelýän awtoulaglar üçin ýörite duralga hem
ýerleşdirildi we gümrük nokadynyň umumy çägi boýunça uzynlygy 1500 metre
deň bolan germew hem guruldy.
Şeýle hem nokadyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, dürli görnüşli 3000
düýpden gowrak bag nahallary hem oturdylyp, gümrük nokadyny bagy-
bossanlyga öwürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.