«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda Farap etrabynyň bilim ojaklarynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda Farap etrabyndaky 8-nji orta mekdepde geçirilen iňlis dili hepdeligi hem bu işleriň bir mysalydyr.
«Iňlis dili ― dünýä dili» ady bilen geçirilen hepdeligiň maksatnamasy mekdepde bu ugur boýunça sapak berýän mugallymlar tarapyndan taýýarlanyldy. Ýeri gelende aýtsak, bilim ojagynda ýokary bilimli iňlis dili mugallymlarynyň 5-si zähmet çekýär.
Işlenip taýýarlanylan maksatnama laýyklykda hepdeligiň dowamyndaky çärelere mekdebiň 5 ― 12-nji synplarynda okaýan okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Käbir bäsleşiklere bolsa etrabyň çägindäki beýleki mekdeplerden hem zehinli okuwçylar çagyryldy.
Hepdelik surat, sözlük düzmek bäsleşiklerini, gepleşikleri, aýdym-sazly dabaralary öz içine aldy. Guramaçylykly geçirilen hepdelige etrap bilim bölüminiň wekilleri gözegçilik edip, oňa ýokary baha berdiler. Hepdeligiň dowamynda gazanylan esasy üstünlik bolsa onuň okuwçylarda iňlis dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmany artdyranlygydyr.
Farapdaky mekdepde iňlis dili hepdeligi geçirildi
28
Oct
