TÜRKMENISTAN HABARLARY

Farapdaky gümrükhananyň meýdany ozalkysyndan iki esse ulaldy

«Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň umumy meýdany 5,2 gektardan 10
gektara çenli giňeldildi. Durky täzelenen nokadyň şu gün ― 4-nji dekabrda
açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli kararyna laýyklykda «Farap
awtoýollary» gümrük nokadynda umumy meýdany 456 inedördül metr bolan
täze dolandyryş binasy, umumy meýdany 486 inedördül metr bolan ulag
serişdeleriniň we harytlaryň resmileşdirmesi amala aşyrylýan täze binalaryň
ikisi, umumy meýdany 966 inedördül metr bolan awtoulaglara gümrük barlagy
geçirilýän gözegçilik bassyrmalaryň ikisi, gulluk itleriniň saklanýan ýeri,
Türkmenistan we Özbegistan tarapyndaky derwezeleriň ikisi we ýene-de
birnäçe durmuş we tehniki maksatly desgalar guruldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: