JEMGYÝET

Farapdaky dabara Magtymguly Pyraga bagyşlandy

 Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki Magtymguly Pyragy adyndaky seýilgähinde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebi-sazly agşam geçirildi.

 Ony Farap şäher kitahanasy şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde gurady. «Öçmejek yz galdyran şan-şöhratly Magtymguly Pyragy» atly çärä №-nji harby bölüminiň esgerleri, etrabyň kitaphana we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

  Farap şäher medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy hem şahyryň goşgularynyň esasyndan taýýarlandy. 

 Çäräniň dowamynda sungat ussatlary Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: