BILIM

Farapda we Çärjewde täze mekdepler açylar

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, 2026-njy ýylda Lebap welaýatynda bilim ulgamyna degişli täze desgalary ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Farap etrabynyň Garamyş geňeşliginiň Bozaryk obasynda 600 orunlyk orta mekdep, Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duryýap obasynda bolsa 400 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdep gurlar.
Maksatnamada Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumyny we 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek hem göz öňünde tutulýar. Bu desgalar welaýatda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilendir.