BILIM

Farapda usuly-amaly maslahat geçirildi

Farap etrabynda welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan «Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda usuly-amaly maslahat geçirildi. Ol «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bag toparlarynda sapaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy innowasion çeşmeleri ulanmagyň ähmiýeti, usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» diýlip atlandyryldy.
Etrabyň 17-nji çagalar bakja-bagynda geçirilen çärä welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçileri we usulyýetçileri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çagalaryň akyl taýdan ösüşini, döredijilik ukyplaryny we sözleýiş başarnyklaryny ösdürmekde täze usullaryň orny barada çykyşlar diňlenildi.
Şeýle hem çykyş edenler tarapyndan mekdebe çenli ýaşly çagalar bilen geçirilýän sapaklaryň mazmunyny baýlaşdyrmakda innowasion tehnologiýalaryň, sanly serişdeleriň we täze didaktik oýunlaryň ähmiýeti bellenildi. Mundan başga-da, bag toparlarynda okuw-terbiýeçilik işlerini guramakda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak hem-de sapaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.