Farapda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabara boldy
Lebap welaýatynyň Farap şäherindäki «Şirin-Şeker» toý mekanynda «Garaşsyzlygyň baky bahar şuglasy äleme dolýar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Farap etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guran çäresi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, partiýa we ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary, önümçiligiň öňde baryjylary gatnaşdylar.
Dabarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Etrapda ykdysady-medeni durmuşynda bolup geçen özgertmeler hakynda hem aýratyn durup geçdiler. Etrabyň medeniýet bölüminiň işgärleriniň guran konserti çäräni has dabaralandyrdy.