Farap etrabyndaky «Näzli» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Darganata, Farap we Saýat etrap bölümleriniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Zenanlar ýylgyrsa, älem ýylgyrar» ady bilen geçirilen çärä goňşy etraplaryň işjeň zenanlary gatnaşdy. Dabarada eneleriň mukaddesligi, gyz-gelinleriň edep-ekramy we ýurdumyzda zenanlar barada alnyp barylýan döwlet aladalary barada çykyşlar edildi.
Baýramçylyk dabarasynda birleşen folklor toparlarynyň hem-de sungat ussatlarynyň çykyşlary ýerine ýetirildi. Şeýle-de çärä gatnaşan öňdebaryjy zenanlar sarpalanyp, olaryň zähmeti we jemgyýetçilik işjeňligi ýokary baha mynasyp boldy. Gatnaşyjylar zenan mertebesini belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Farapda öňdebaryjy zenanlar sarpalandy
10
Mar

