JEMGYÝET

Farapda «Nesilleri duşurýan çeşme» atly kitap sergisi işläp başlady

Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Nesilleri duşurýan çeşme» atly täze kitap sergisi guraldy. 

Okyjylaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak we olary dürli ýyllarda çap edilen neşirler bilen tanyşdyrmak maksady bilen guralan sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan kitaplar, Magtymgulynyň, Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Mollanepesiň, Keminäniň we beýleki nusgawy şahyrlaryň goşgular ýygyndylary goýuldy. Şonuň ýaly-da, onda häzirki zaman türkmen ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň eserleri hem aýratyn orun eýeleýär. Bu ýerde okyjylar türkmen medeniýeti, medeni gymmatlyklary we taryhy barada hem gerekli maglumatlary alyp bilýärler. 

Serginiň açylyşyna kitaphananyň işjeň okyjylary gatnaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: