SPORT WE SYÝAHAT

Farapda körpe küştçüleriň arasynda etrap birinjiligi geçirildi

Ýaş nesliň sporta bolan höwesini artdyrmak we zehinli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, Farap etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde körpe küştçüleriň arasynda etrabyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Dänewli küştçüleriň hem işjeň gatnaşmagynda guralan bu bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly pursatlara baý boldy. Küştüň nusgawy we rapid görnüşleri boýunça geçirilen oýunlar ýaş türgenleriň akyl-paýhas ukyplaryny hem-de ussatlyklaryny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Ýaryşyň netijelerine görä, nusgawy küşt boýunça 6 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Dawut Geldimädow bilen Aýlara Babajanowa hemme bäsdeşlerinden üstün çykyp, ýeňiji boldular. 8 ýaşly türgenleriň toparynda Bahtiýar Babajanow we Merjen Hudaýnazarowa iň ýokary netijeleri görkezen bolsa, 10 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Musa Ýusupjanow bilen Aýdana Nurullaýewa birinji orna mynasyp boldular. Ýokary ussatlyk görkezen ýaş türgenler ýaryşyň guraýjylary tarapyndan degişli derejeler bilen sylaglandyryldy.