Farap etrabynda azyk bolçulygyny üpjün etmek we gök ekerançylygyny ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýyl etrap boýunça jemi 30 gektar ýere sogan, 65 gektar meýdana bolsa ýeralma ekilip, häzirki wagtda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda degişli ideg işleri dowam etdirilýär. Ekerançylykda toplanan baý tejribe esasynda, meýdanlarda ýetişdirilýän ekinleriň anyk netijeleri we eýýäm güllän ýeralma meýdanlary şu möwsümde gök we bakja ekinleriniň bol hasylynyň alynjakdygyny tassyklaýar.
Etrabyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ikram Rajapow geçen ýylky möwsümde 30 tonna sogan hasylyny alyp, şu ýyl bu görkezijini 35 tonna ýetirmegi maksat edinýär. Kärendeçi dogany Muhammet bilen birlikde 1,5 gektar erik, 50 sotok alma we 1 gektar şetdaly baglaryna hem yzygiderli ideg edýär. «Gumkent» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aziz Ereşow hem 6 gektar kärende ýerinde bugdaý bilen bir hatarda ýeralma we bakja ekinlerini ýetişdirýär. Ol geçen ýyl 4 gektar meýdandan jemi 80 tonna golaý garpyz, 2 gektardan bolsa 25 tonna ýeralma we 50 tonna golaý şugundyr ýygnap, ýokary zähmet görkezijilerini gazandy.
Farapda azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşulýar
15
May

