Farapda Aşgabat şäherine bagyşlanan kitap sergisi açyldy
Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Ak mermerim, merjenim» atly kitap sergisi açyldy. Onda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ösüşini açyp görkezýän kitaplar goýuldy. Onda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbangyuly Berdimuhamedowyň kitaplary aýratyn orun tutýar. Sergä gelýänler bu ýerde soňky ýyllarda Aşgabat şäheriniň ösüşi barada giňişleýin maglumatlary alyp bilerler. Paýtagtyň owadan ýerleriniň suratlary bilen bezelen kitaplarda onda bolup geçen özgertmeler giňişleýin beýan edilýär.
Farap şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we kitaphananyň işjeň okyjylary serginiň ilkinjileriň hatarynda synladylar. Ony guraýjylar myhmanlary serginiň maksady we onda goýlan neşirler tanyşdyrdylar.