Farapda alabaý itleriniň Tohumçylyk merkezi gurulýar
Farap gümrük nokadyna barýan gara ýoluň ugrunda türkmen alabaý itleriniň Lebap tohumçylyk merkeziniň gurluşygyna badalga berildi.
Assosiasiýanyň welaýat bölüminiň orunbasar-kätibi Mergen Daýhanowyň gürrüň berşi ýaly, bu gurluşygy «Barly gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýarlar. 150 alabaýy idetmäge, olara weterinariýa hyzmatlaryny etmäge niýetlenen merkezi Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji toýuna ― geljek ýylyň aprel aýyna çenli ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Edil Ak bugdaý etrabynda açylan merkezde bolşy ýaly, bu ýerde hem tohum alabaýlary köpeltmek, olaryň saglygyny goramak üçin ähli şertler göz öňünde tutular. Welaýatyň itşynaslary, eger isleg bildirseler, işlerini bu merkezde dowam etdirip bilerler. Mahlasy, merkez Halkara assosiasiýanyň welaýatymyzdaky iri edaralarynyň birine öwrüler.