BIZE YAZYARLAR

«Farap» şypahanasynyň zenan saglygyna täsiri

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň sagdyn bolmagy ugrunda uly tagallalar edýär. Halkyň saglygyny goramak we ömür dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen şypahanalar, saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezleriň biri-de «Farap» şypahanasydyr. «Farap» şypahanasy bejeriji mineral suwy bilen lukmanlaryň gözegçiligi esasynda daýanç-hereket, dem alyş, iýmit siňdiriş, ýürek-damar, nerw, endokrin, aýal keselleri, deri, böwrek, peşew ýollary bilen baglanyşykly keselleri bejerip, ilata hyzmat edip gelýär.
Şypahana anyklaýyş-bejeriş we mineral suw bilen bejeriş bölümlerini öz içine alýar.
Biziň şypahanamyzda aýal-gyzlar beýleki bejergiler bilen bilelikde ginekologiýa ugry boýunça bejergileri hem alýarlar. Aýal-gyzlarda keselleriň döremegine sowuklama, nädogry iýmitlenme, işjeň bolmadyk ýaşaýyş durmuş şertleri, dürli stres ýagdaýlary sebäp bolýar.
Şypahanada dynç alyp, saglygyny berkidýän aýal-gyzlaryň arasynda ginekologiki keselleriň sowuklamalary (dowamly adneksit, metroendometrit, salpingooforitiň ýiti däl döwri), amaldan soňky hem-de sowuklama sebäpli kiçi çanaklygyň sepleşme keselleri, ilkinji we ikinji önelgesizlik, aýbaşy halkasynyň bozulmalary duş gelýär. Aýal-gyzlara ginekologiýa keselleri boýunça saglyk
öýlerinde, hassahanada doly bejergileri alandan soň şypahana şertinde berilýän bejergiler gowy netije berýär.
«Farap» şypahanasynyň mineral suwy bilen bilelikde «Mollagara» palçygy aýallaryň önelgesizliginde giňden ulanylýar.
Gadymy döwürde hem «Mollagara» palçyk bejergisi aýal-gyzlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Häzirki döwürde reproduktologiýanyň ösmegi bilen önelgesizlik derman serişdeleri we operatiw usullar bilen giňden bejerilýär. Muňa garamazdan, önelgesizligi bejermekde «Farap» şypahanasynyň mineral suwy we «Mollagara» palçygy özüniň bejeriş ähmiýetini ýitirmeýär.
«Farabyň» şypahana şertindäki mineral suwy we «Mollagara» palçyk bejergisi ýokary netijelilige eýe bolup, ginekologiki keselleri bejermekde, aýallaryň saglygyny dikeltmekde, dowamly geçişli ginekologiki kesellerde, dowamlyagyryny peseltmekde uly orun tutýar. Ýapylýan palçyk gyzgynlygyň täsiri bilen dokumalary çuň gyzdyrýar, damarlary giňeldýär, gan we limfa aýlanyşygyny ýokarlandyrýar. Palçyk bejergisiniň netijesinde madda çalşygy işjeňleşýär we dokumalar kislorod bilen baýlaşýar. Palçyk goýlan meýdanda deriň bölünip çykmagy ýokarlanýar. Netijede duzlar we zyýanly maddalar çykýar, öýjügara suwuklygyň çalşygy kadalaşýar, deri
tekizlenýär, ýumşaýar, dartgynlygy ýokarlanýar. Nerw ulgamynyň üsti bilen içki beden agzalarynyň işine täsir edýär. Bejeriş tapgyrynyň gutarmagy bilen palçygyň täsiri gutarmaýar.

Nursoltan AKMYRADOWA,
«Farap»şypahanasynyň iňňerefleks otagynyň newropotolog lukmany.