Ýetip gelen tomus möwsüminde “Farap” şypahanasyndaky howuzlaryň, wannalaryň işi, bedenterbiýe otaglarynyň mümkinçilikleri has-da kämilleşdirildi.
Bilşimiz ýaly, suwunyň düzüminde ýod, brom, magniý, gidrokarbonatly natriý, sulfatly natriý, kükürt ýaly ynsan saglygy üçin peýdaly elementleriň 32-si bolan şypahanada guragyry, aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryjy ýollarynyň näsazlyklary, deri keselleri bejerilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, şypahanada iňňerefleks bejergisiniň täze tokly görnüşi ýola goýuldy we duzly gowaklaryň sany artdyryldy.
“Farap” şypahanasyndaky saglyk hyzmatlary kämilleşdirilýär

30
May