«Farap» şypahanasynda etrap häkimliginiň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, şypahanada dynç alýan raýatlar hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen oba-şäherlerimizde alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleri aýratyn nygtadylar. Şeýle hem ýylyň şygarynyň ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny pugtalandyrmakda, milli buýsanjyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Çäräniň dowamynda etrabyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.
«Farap» şypahanasynda geçirilen maslahat ýylyň şygaryna bagyşlandy
26
Jan
