JEMGYÝET

«Farap» şypahanasynda dynç alýanlaryň sany barha artýar

Tomsuň häzirki günlerinde «Farap» şypahanasy has köp adamly. Çünki bu möwsümde medeniýetli dynç almak bilen bir hatarda saglygy dikeltmek ugrundaky bejergiler hem has ýerine düşýär. Ýagny, jana şypa, bejeriji mineral suwy bilen meşhur şypahanamyzyň tomus günlerindäki esasy aýratynlygy açyk asmanyň astyndaky bejeriş we dynç alyş çäreleridir.

Şypahanada üsti ýapyk howuzlar bilen bilelikde daşarky howuzlar, basketbol we woleýbol meýdançalary hem hereket edýär. Myhmanlar trenažýorlaryň, amfiteatryň hyzmatyndan hem giňden peýdalanyp bilýärler.

Bu ýerde her ýyl tomus möwsümine aýratyn taýýarlyk görülýär. Islegler göz öňünde tutulyp, «Bejeriş bedenterbiýesi» otagynda sport enjamlarynyň, fitnes toplaryň dürli görnüşleri köpeldildi. Olar, esasan hem, oňurga keselleriniň öňüni almakda örän peýdaly.

Bu ýerde dynç alyp, saglygyny berkidýänleriň ýüzlerindäki şatlyklaryny göreniňde, olaryň dynç alşyndan örän hoşaldyklaryny aňmak bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: