Farap şypahanasynda «Bedew batly ösüşleriň beýany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çäre Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda gazanylýan üstünlikler mynasybetli guraldy.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň möhüm ulag-üstaşyr merkezine öwrülýändigini bellediler. Şeýle-de ýakynda ulanmaga berlen täze ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ykdysady we durmuş taýdan ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň halkyň abadançylygyna gönükdirilýändigini nygtadylar.
Farap şypahanasynda dabaraly maslahat geçirildi
27
Apr

