JEMGYÝET

«Farap» şypahanasy raýatlary kabul edip başlady

«Farap» şypahanasy saglygyny berkitmek isleýän raýatlarymyzy ýene-de kabul edip başlady. Bu barada «turkmenportal» habar berýär.

Bu ýerde wagtlaýyn bejeriş-abatlaýyş we öňüni alyş çäreleri geçirildi. Şol çäreleriň çäginde şypahanalardan talap edilýän arassaçylyk we sanitariýa düzgünleriniň ählisi berjaý edildi. Häzirlikçe, şypahana diňe Lebap welaýatynyň raýatlaryny kabul edýär. Saglygyny berkitmäge gelýän raýatlarymyzdan COVID ― 19 pandemiýasyna garşy sanjymyň geçirilendigi baradaky kepilnama talap ediler. Şeýle hem raýat ýany bilen: degişli Saglyk öýünden: şypahana kartasyny; COVID ― 19 barlagynyň soňky 72 sagatdaky netijesini alyp gelmeli.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: