Farap şäherinde orta mekdepleriň kitaphanaçylary bilen söhbetdeşlik geçirildi
Lebap welaýatynyň Çarjew etrabynyň Farap şäher medeniýet öýünde etrabyň orta mekdepleriniň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Farap şäher kitaphanasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025—2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda görkezilenleri ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen çärä etrabyň orta mekdepleriniň kitaphanaçylary gatnaşdylar.
Onda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly
güýjidir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň
döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýenlerinden ugur
alyp, ösüp gelýän nesilde kitap okamaga bolan höwesi döretmek, ony berkitmek barada pikir
alşyldy. Şu maksat bilen ýaşlaryň arasynda geçirilmeli işler, çäreleriň görnüşleri barada gürrüň
edildi. Şonuň ýaly-da, ýokarda görkezilen Döwlet maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginde orta
mekdepleriň kitaphanaçylarynyň öňlerinde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.