Farap şäherinde çagalar medeni dynç alyş merkezi açyldy
Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» medeni dynç alyş merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Ony Farap etrap häkimligini buýurmasynyň esasynda Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasy gurdy.
Bu welaýatda Medeniýet hepdeliginiň geçýän günleri çagalara edilen ajaýyp sowgat boldy. Merkezde çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri, dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Onda çagalar şäherçesi, on maşyny bolan çagalar üçin awtodrom, on alty adamlyk «Atlar» we şonça adamlyk «Zynjyrly oturgyç», «Gyzykly uçarjyk», depeden erkin inmek, dört wagondan we bir lokomotiwden ybarat awtootluly attraksionlar dürli ýaşly çagalaryň dynç alşyny gyzykly eder. Şadyýan depejik, hiňňildikler hem çagalaryň hyzmatynda.
Merkeziň açylyş dabarasynda welaýatyň körpe aýdymçylarynyň gatnaşmagynda «Garaşsyzlygyň altyn nesilleri» atly baýramçylyk konserti boldy.