Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Söýle, Magtymguly, älem bilsinler» atly täze kitap sergisi guraldy. Ol Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.
Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy» goşgusy, dürli ýyllarda neşir edilen eserleri aýratyn orun tutýar. Şahyryň goşgular ýygyndylary, onuň döredijiligine bagyşlanyp ýazylan ylmy we ylmy-populýar işler, ol barada dünýäniň meşhur adamlarynyň aýdan sözleri ýerleşdirilipdir.
Kitaphananyň işjeň okyjylary, şäherde ýerleşýän orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary sergi bilen ilkinjileriň hatarynda tanyşdylar.