Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynyň Jeýhun şäherçesindäki şahamçasynda «Beýik akyldar — beýik sarpa» atly kitap sergisi açyldy. Ol Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.
Onda şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary, onuň edebi mirasyny öwrenýän alymlaryň ylmy kitaplary goýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusy hem görnükli ýerde goýuldy. Sergide Magtymgulynyň ömri we döredijiligi baradaky maglumatlar hem aýratyn orun tutýar. Şeýle hem, kitaphana gelýänler bu ýerde ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň maglumatlary, onda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eden çykyşy bilen tanşyp bilýärler.
Kitaphananyň işjeň okyjylary we Jeýhun şäherçesinde ýerleşýän orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary sergini ilkinjileriň hatarynda gördüler.