MEDENIÝET

Farap şäher kitaphanasynda ýylyň adyna bagyşalanan sergi açyldy

Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Halkara parahatçylyk — dost-
doganlyk ýoly» atly kitap sergisi açyldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan kitap sergisinde türkmen
halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan
kitaplar, Bitaraplyk derejesini alanyndan bäri geçen döwürde Türkmenistanyň
halkara derejesinde öňe süren başlangyçlaryny we olaryň beren oňyn netijelerini
açyp görkezýän neşirler we suratlar goýuldy. Kitaphana gelýänler ÝUNESKO-nyň
maddy we maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen gadymy ýadygärlikler,
milli gymmatlyklar barada hem maglumatlary alyp bilerler. Sergide
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, daşary ýurtlar bilen alyp
barýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyny açyp görkezýän maglumatlar hem aýratyn
orun eýeleýär.
Kitaphananyň işjeň okyjylary sergi bilen ilkinjileriň hatarynda tanyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: