JEMGYÝET

Farap şäher kitaphanasynda ýene-de bir kitap sergisi açyldy

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Arkadagly döwürdedir berk binýadyň, Pyragy!» atly kitap sergisi guraldy. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Onda Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan kitaplar, ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän beýleki neşirler goýuldy. Sergide Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary, olara syn berilip ýazylan kitaplar, makalalar hem uly orun tutýar.

Kitaphananyň işjeň okyjylary, şäheriň mekdep okuwçylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular. Olara Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň gelendigi, geçen döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda ýetilen sepgitler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şonuň ýaly-da, sergide goýulan kitaplaryň mazmunlary bilen tanyşdyrdylar. Soňra okuwçylar Magtymgulynyň watançylyk temasynda döreden goşgularyny labyzly okadylar.