JEMGYÝET

Farap şäher kitaphanasynda ýene bir sergi açyldy

Lebap welaýatynyň Farap şäher kitaphanasynda «Türkmenistan — bagy-bossan» atly kitap sergisi guraldy.

Onda Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri şöhlelendirýän kitaplar, gündelik metbugatda çap edilen makalalar, suratlar ýerleşdirildi. Şonuň ýaly-da, ýazyjylaryň we şahyrlaryň tebigaty wasp edip ýazan hekaýalary, goşgulary goýuldy. №-nji harby bölümiň esgerleri ilkinjileriň hatarynda sergide goýlan kitaplar bilen tanyşdylar. Kitaphananyň işgärleri olary sergide goýlan kitaplaryň, makalalaryň mazmuny bilen tanyşdyrdy.

Farap şäher kitaphanasy we onuň şahamçalarynda tematiki sergileri yzygiderli guralýar. Bu ýylyň başyndan bäri guralan dördünji sergidir.