JEMGYÝET

Farap șäher kitaphanasynda täze kitap sergisi işläp başlady

Çärjew etrabynyň Farap șäher kitaphanasynda “Gündogaryň akyldar şahyry” atly täze kitap sergisi işläp başlady.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen klassyk şahyrynyň dürli ýyllarda neșir edilen eserleri bilen bir hatarda onuň döredijiligine bagyşlanyp ýazylan kitaplar, makalalar hem goýuldy.

Onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusy aýratyn orun eýeleýär.

  Șonuň ýaly-da, okyjylar bu ýerde şahyra bagyşlanyp ýazylan beýleki çeper eserler bilen hem tanşyp bilerler.

Kitaphananyň işjeň okyjylary, șäherdäki we onuň ýakynyndaky orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýat mugallymlary, ýokary synp okuwçylary sergini ilkinjileriň hatarynda synladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: