MEDENIÝET

Farap şäher kitaphanasynda täze kitap sergisi guraldy

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Gözel görki ajap Türkmenistanym!» atly kitap sergisi guraldy.
Onda soňky ýyllarda Türkmenistanyň ösüşini açyp görkezýän kitaplar, dürli ýyllarda kabul edilen döwlet maksatnamalary, olaryň ýerine ýetirilişini beýan edýän, gazetlerde we žurnallarda çap edilen makalalar goýulypdyr. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan eserler aýratyn orun tutýar.
Onda Arkadag şäheri, onda gurulan we gurulmagy dowam etdirilýän binalar hakynda hem maglumatlar bar. Şonuň ýaly-da, bu ýerde okyjylar Lebap welaýatynda amala aşyrylan özgertmeler barada hem maglumatlary alyp bilerler.
Şäheriň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary, olaryň mugallymlary we kitaphananyň işjeň okyjylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: