Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Berkararlygyň berk binýady» atly kitap sergisi guraldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen Türkmenistana Bitaraplyk statusynyň berilmeginiň otuz ýyllygyna bagyşlanan bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan eserler aýratyn orun tutýar. Şonuň
ýaly-da, onda žurnallarda, gazetlerde çap edilen materiallar hem goýulypdyr.
Sergä gelýänler bu ýerde Türkmenistanyň ýöredýän parahatsöýüjilik syýasatynyň berýän oňyn netijeleri, şol sanda sebitde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen teklipleriň halkara jemgyýetçiliginde goldaw tapyşy we beýleki temalar boýunça maglumatlary alyp bilýärler. Şeýle hem, goýulan neşirlerde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeni-durmuş ulgamynyň ösüşi hem anyk maglumatlarda özüniň beýanyny tapypdyr.
Kitaphanaçylar gelýänleri olaryň mazmuny bilen giňişleýin tanyşdyrýarlar, gyzyklandyrýan ugurlary boýunça kitaplary saýlap almaga kömek edýärler. Kitaphananyň işjeň okyjylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular.
Farap şäher kitaphanasynda täze kitap sergisi açyldy

04
Jul